Xiaomi meýilnamasyndan öňde barýar: 150 müň SU7 eýýäm ýola çykdy

  • 28.01.2025 14:36
  • 5.8k+

Xiaomi öz meýilnamasyndan öň geçip,  150 müň SU7 elektrik ulagyny üstünlikli ulanyşa iberdi. Gazanylan üstünlik barada kompaniýanyň başlygy Leý Sýun habar berdi.

CnEVPost-yň maglumatyna görä, kompaniýa geçen ýyl 139 547 sany SU7 sedanyny ibermegi başarypdy. Resmi taýdan kompaniýa 2024-nji ýylda 135 000 ulagyň gowşurylandygyny habar berdi. Şu ýyl Xiaomi 300 000 awtoulag ibermegi meýilleşdirýär.
Ýylyň ortalaryna model hataryna YU7 krossoweri goşular. Şu maksat bilen ýylda 150 000 awtoulag öndürmek üçin niýetlenen ikinji zawod açylar.
150 000 ulag bilen üstünlikli sepgide ýetilendigi baradaky habar ýaýlymda SU7 awtoulagynyň özbaşdak duralga baryş aýratynlygy görkezilýän pursady yglan edildi. Mart aýyna çenli alyjylara sedanyň adaty görnüşiniň täze şugundyr reňki hödürlener.
Hytaýda SU7-ä isleg ýokary bolmagynda galýar, bazardaky ýiti bäsdeşlige garamazdan, awtoulag üçin nobat bäş aýa çekýär. Bu modeliň meşhurlygyny we kompaniýanyň üstünliklerini görkezýär.


26.05.2026 16:04
2.5k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.9k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

03.05.2026 23:50
1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......