Galaxy Z Flip 7-niň kamerasy barada täze maglumatlar peýda boldy

  • 28.01.2025 13:23
  • 3.8k+

Galaxy S25 hatarynyň satuwa çykmagy bilen, Samsung-yň geljekki enjamlary barada, hususan-da Galaxy Z Flip 7 barada yzygiderli täze maglumatlar peýda bolup başlady. Bu enjamlar şu ýylyň tomsunda tanyşdyrylar diýip, Notebookcheck belleýär.

Syzýan maglumatlara görä, bu ýylky modelde kamera boýunça kän bir üýtgeşme bolmaz. Galaxy Z Flip 7 öňki model ýaly, 50 megapiksel esasy kamera we 12 megapiksel giň burçly kamera bilen üpjün ediler. Öňki (selfi) kamerasy hem öňküsi ýaly 10 megapiksel sensory bilen üýtgewsiz galar.
Galaxy Club çeşmeleri, Samsung-yň esasan programmalar bilen bagly täzeliklere üns berýändigini belleýär. Suratlaryň we wideolaryň hilini gowulandyrmak üçin ProVisual Engine tehnologiýasynyň ulanylmagyna garaşylýar. Gije surata almak bilen bagly mümkinçilikleriň nähili boljakdygy barada bolsa häzirlikçe maglumat ýok.
Ýatlatsak, täze Galaxy S25 hatarynyň kameralarynda hem Ultra modelini hasaba almasak, umuman kän bir üýtgeşme bolmandy. Bu bolsa, Samsung-yň esasan flagman enjamlaryndaky programmalaýyn çözgütlere üns berýändigini görkezýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...