Çaknyşyk bolmaz. Äpet A23a aýsbergi Günorta Georiýa adasynyň deňinden ýüzüp geçip gider

  • 28.01.2025 13:20
  • 7.9k+

Dünýäde iň uly A23a aýsbergi Günorta Atlantika ummanyndaky Günorta Georgiýa britan adasynyň deňinden geçip gider. Arktika we Antarktika barlag institutynyň (AABI) alymlary ada tarap hereket eden aýsbergiň hereketiniň ugruny üýtgedendigini habar berdiler.

Kosmosdan alnan suratlar ullakan buz böleginiň günbatar tarapa gapdala çekilendigini we kenardan 300 km sowlup geçjekdigini tassyklady.
Günorta Georgiýa adasynyň töweregine “aýsbergler seýilgähi” diýilýär, sebäbi Antarktidadan bölünip aýrylýan aýsbergler köplenç şol ýere ýüzüp barýar. 2025-nji ýylyň başynda A23a hakykatdanam ada tarap hereket edýärdi. Aýsbergiň mundan beýläkki ýoly ýele we akyma bagly bolar, ýöne çaknyşmak ähtimallygy ýok.
Göwrüminiň äpetdigine garamazdan (meýdany Londonyň takmynan iki essesi, agramy trillion tonna töweregi), A23a 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri eremegini dowam edýändigi sebäpli meýdanynyň 9% töweregini ýitirdi. Ýüzüşiniň başyndan bäri 1400 kilometr töweregi ýol geçdi. Aýsberg buzlukdan 1986-njy ýylda bölüniň aýryldy we uzak wagtlap ýalpaklykda saklanyp ýatandan soň, 2023-nji ýylyň iýulynda hereket edip başlady.
Alymlar A23a-nyň diýseň berkdigini, formasynyň çalt bölünmegine ýol bermeýändigini bellediler. Aýsbergiň göwrümi kiçelýän hem bolsa, ol gurluşyny saklap galýar. Hünärmenleriň pikirine görä, A23a-nyň buzlukdan bölünip aýrylmagy global ýylylygyň netijesi däl-de, tebigy prosesdir.

şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......