Samsung "Galaxy A56 5G-ni" tanyşdyrmaga taýýarlanýar: smartfon FCC sertifikasiýasyny aldy

  • 28.01.2025 12:08
  • 6.4k+

Samsung kompaniýasy Galaxy A smartfonlarynyň hataryny giňeltmegini dowam edýär. Flagman Galaxy S25 hataryny çykarandan soň, brend indi Galaxy A56 5G modeli bilen dünýä bazarlaryna çykmaga taýýarlanýar. ABŞ-nyň aragatnaşyk boýunça Federal komissiýasynyň (FCC) sertifikasiýasy bu täze enjamyň möhüm häsiýetnamalaryny tassyklaýar. Bu bolsa onuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygyny görkezýär diýip, Gizmochina habar berýär.

Galaxy A56 5G modeli SM-A566E/DS belgisi bilen hasaba alnan. Bu enjam GSM, WCDMA, LTE FDD we 5G ýaly aragatnaşyk tehnologiýalaryny goldaýar. Mundan başga-da, Bluetooth, NFC, GNSS we Wi-Fi (802.11 b/g/n/a/ac/ax) ýaly tehnologiýalar bilen hem enjamlaşdyrylan.
Smartfonyň batareýasy 4905 mAh kuwwatly bolup, ol 45 Wt çalt zarýad almagy goldaýar. Şeýle-de bolsa, FCC-niň synaglarynda 25 Wt zarýad adapteri ulanylypdyr. Enjam Exynos 1580 prosessory esasynda işleýär we 8/128 GB hem-de 12/256 GB ýat konfigurasiýalarynda hödürlenýär. Operasion ulgamy bolsa, emeli aňa esaslanan täze funksiýalary öz içine alýan One UI 7.0 interfeýsi bilen Android 15-dir.
Galaxy A56 5G modeli mundan öň hem Geekbench-de geçirilen bir synagda görlüpdi. Synagyň netijelerinde, smartfon ýokary öndürijiligini görkezipdi.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...