Honda we Nissan öz ýoly bilen gider. Mitsubishi awtoulag ägirtleri bilen birleşmekden ýüz öwürdi

  • 28.01.2025 11:32
  • 3.5k+

Honda, Nissan we Mitsubishi awtoulag ägirtleriniň birleşmek baradaky meýilleri amala aşman galar. Mitsubishi Motors garaşsyz bolup galmagy makul bilip, täze holdinge goşulmazlyk kararyna geldi diýip, Automotive News neşiri habar berýär.

Ozal bu üç kompaniýa iri awtoulag bileleşigini döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşypdylar. 2024-nji ýylyň dekabrynda olar, hatda meýilleri baradaky ylalaşyga hem gol çekdiler. Şeýle-de bolsa, Honda bilen Nissan çalt ylalaşyga gelen hem bolsalar, Mitsubishi bu barada pikirlenmek üçin wagt aldy. Netijede, kompaniýa garaşsyz bolup galmagy makul bildi. Mitsubishi birleşmekden ýüz öwürýändigini entek resmi taýdan tassyklamady.
Muňa garamazdan, kompaniýa henizem Nissan bilen ýakyndan baglanyşykly, sebäbi awtokonsern Mitsubishi-niň iň uly paýdarydyr we onuň paýnamalarynyň 24,05%-ine eýeçilik edýär.


08.06.2026 16:02
1.8k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.5k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.1k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....