ABŞ-nyň aragatnaşyk operatory Galaxy S25 Ultra-ny we Galaxy Watch FE -ni mugtuna diýen ýaly paýlaýar

  • 27.01.2025 14:19
  • 10k+

Amerikanyň “AT&T” aragatnaşyk kärhanasy bähbitli aksiýany goýberdi. Indi täze flagman Samsung Galaxy S25 Ultra smartfonyny trade-in programmasy boýunça mugt alyp bolýar. Köne smartfony, mysal üçin, 128 GB ýatly Samsung Galaxy S24-i tabşyrsaňyz, operator ony 1300 dollar bahadan satyn alýar, bu bolsa täze Galaxy S25 Ultra-nyň bahasyny ýapýar.

Bu teklip çäklendirilmedik nyrh meýilnamasyna birikdirilende elýeterli bolýar diýip, Sammobile belleýär.
Mundan başga-da, AT&T Galaxy Watch FE 2024 akylly sagady we Galaxy Tab A9 + 5G planşetini aýda bary-ýogy 1 dollara hödürleýär. 36 aý ulanylandan soň, bu enjamlar alyjynyň emlägine öwrülýär.
Samsung Galaxy S25 Ultra ABŞ-da 22-nji ýanwarda görkezildi. Smartfon Qualcomm Snapdragon 8 Elite for Galaxy prosessorynda işleýär, 200 megapiksel kamerasy we 45 Wt çalt zarýad alýan 5000 mAh batareýasy bar. Ol Android 15 operasiýa ulgamy we OneUI 7 interfeýsi bilen üpjün edilýär. Bu model 7 ýyllap täzelenmeleri alar. 


düýn 23:56
3.9k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.1k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......