Redmi Note 14 Pro+5G modeliniň kamerasy iPhone 12-niň derejesinde surata alýar

  • 27.01.2025 11:40
  • 6.9k+

DxOMark portalynyň awtorlary Xiaomi kompaniýasynyň orta derejeli meşhur modelleriniň biri bolan täze Redmi Note 14 Pro+ 5G smartfonynyň kamerasyny seljerip gördüler.

Täze model, 200 megapiksellik kamerasyna garamazdan, o diýen tapawutly netije görkezmedi. Smartfon 118 bal alyp, umumy smartfonlaryň reýtinginde 106-njy orny eýeledi.
Bu görkeziji birbada ýaramaz ýaly görünse-de, aslyýetinde beýle däl. Mysal üçin, iPhone 12, Galaxy S21 Ultra, hatda OnePlus 10 Pro ýaly smartfonlar şu görkezijiniň derejesinde ýerleşýär.
Gynandyrýan ýeri, öňki model Redmi Note 13 Pro+ 121 bal alypdy, ýagny täze modelde kamera babatda hil ösüşi ýok, hatda biraz pes netije görkezdi.

Bilermenleriň bellemegine görä, öz bahasyndaky smartfonlaryň arasynda bu model gaty gowy surat alýar. Ýagty ýerlerde we içki mekanlarda düşürilen suratlaryň ekspozisiýasy we ak reňk balansy köplenç takyk bolýar. Giň burçly kameranyň hili hem umumylykda erbet däl diýlip bellenip geçilýär.


16.05.2026 11:20
3.9k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...