Usman Nurmagomedow irlandiýaly Pol Hýuzy ýeňip, PFL-iň çempion titulyny gorady

  • 26.01.2025 14:06
  • 11k+

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow PFL Champions Series Road to Dubai ýaryşynyň esasy söweşinde irlandiýaly Pol Hýuzy emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňdi. Netijede, ol ýeňil agramda Bellator ligasynyň çempion titulyny gorady. Söweş doly bäş raund dowam etdi.

Eminleriň ikisi ýeňşi Nurmagomedowa berdi, biri bolsa deňme-deňligi hasaba aldy: 47-47, 48-46, 48-46.
Usmanyň sekundantlarynyň biri onuň dolanan dogany, ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedow boldy.
Nurmagomedow üçin bu çempion guşagynyň üçünji goragydyr. 26 ýaşly söweşijiniň hasabynda MMA söweşlerinde 19 ýeňiş bar, ol ýeňilmän galýar. 27 ýaşly Hýuzyň hasabynda 13 ýeňiş we 2 ýeňliş bar.


17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.1k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
9k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
16k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...