Amerikaly tennisçi Medison Kiz ilkinji gezek Australian Open-iň ýeňijisi boldy

  • 25.01.2025 22:36
  • 3.3k+

Amerikaly tennisçi Medison Kiz Melburnda geçirilen Australian Open-2025 “Uly tuwulga” ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Ýaryşyň finalynda WTA reýtinginde 14-nji orny eýeleýän Kiz dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenkony 6:3, 2:6, 7:5 hasabynda utdy. Oýun 2 sagat 4 minut dowam etdi.
Amerikaly türgen üçin bu “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ilkinji ýeňiş boldy. Öz gezeginde, Sobolenko iki gezek (2023, 2024) Australian Open-de, bir gezek US Open-de (2024) ýeňiji boldy. Mundan başga-da, belarusly türgen Awstraliýada (2021) we ABŞ-da (2019) geçirilen ýaryşda jübüt görnüşde ýeňiji boldy.
“Uly tuwulga” ýaryşlary tennisde iň abraýlysy bolup, dört ýaryşy öz içine alýar: Awstraliýanyň (Australian Open), Fransiýanyň (Roland Garros) we ABŞ-nyň (US Open) Açyk çempionatlary, şeýle-de Beýik Britaniýada geçirilýän “Uimbldon” ýaryşy.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......