Volkswagen Ýewropadaky daşky gurşaw bilen bagly täze talaplar sebäpli bir ýylda 1,5 milliard ýewro ýitirer

  • 25.01.2025 19:23
  • 5.7k+

2025-nji ýylda Volkswagen konserni Ýewropa Bileleşigi tarapyndan girizilen daşky gurşaw bilen bagly täze kadalar sebäpli 1,5 milliard ýewro ýitgi çeker. Bu barada nemes awtoulag konserniniň maýa goýujylar bilen gatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Rolf Wollere salgylanýan Bloomberg habar berýär.

Ýitgileriň diňe bir CO2 zyňyndylarynyň maksatly görkezijilere laýyk däldigi üçin tölenmeli jerimeler sebäpli däl, eýsem elektrik ulaglarynyň satuwdaky paýynyň artdyrmagy bilen hem baglydygy bellenilýär.
Şol bir wagtyň özünde, Volkswagen-niň girdejisini ýitirmegine garaşýar, sebäbi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili adaty modellere garanda, az girdejili elektrik awtoulaglaryny köp satmaga mejbur bolar. Awtoulag pudagy üçin jemi jerime 15 milliard ýewro ýetip biler, şolaryň ýarysyna golaýy Volkswagen-e degişlidir.
Elektrikli awtoulaglara bolan islegiň azalýan we Hytaýyň brendleri tarapyndan bäsdeşligiň artýan şertlerinde beýle üýtgeşmeler ilkinji nobatda Tesla üçin peýdalydyr.
Şol bir wagtyň özünde Volkswagen önümçiligi optimizirlemegi dowam etdirýär. Geçen ýylyň ahyrynda konsern işçiler geňeşi we Germaniýanyň iň uly IG Metall kärdeşler arkalaşygy bilen täze şertnama baglaşdy. Bu şertnama önümçilik kuwwatyny azaltmagy we ýuwaş-ýuwaşdan 35 000 adamy işden aýyrmagy göz öňünde tutýar, bu bolsa ýylda 15 milliard ýewro tygşytlamaga ýardam etmeli.


06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......

27.04.2026 11:35
2k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......

30.03.2026 15:52
4.3k+

Toýota, Ford we Volkswagen: golaýlap gelýän Nýu-Ýork awtosalonynyň esasy premýeralary

Nýu-Ýork şäheri birnäçe günläp awtoulag dünýäsi üçin özüne çekiji merkeze öwrüler. 3-12-nji aprel aralygynda Jacob K. Javits Convention Center sergi merkezinde Demirgazyk Amerikanyň iň gadymy we iri awtoulag......