SpaceX Falcon raketasynyň birinji basgançagyny 400-nji gezek üstünlikli gondurmagy başardy

  • 25.01.2025 15:38
  • 3.4k+

21-nji ýanwarda SpaceX Starlink hemralaryny Falcon 9 raketasy arkaly Ýere golaý pes orbita uçurdy. Takmynan 8 minutdan soň raketanyň birinji basgançagy şowly ýagdaýda Ýere dolanyp geldi we Atlantik ummanynda ýerleşýän ýüzýän platformasynyň üstüne gondy. Şeýlelikde, SpaceX Falcon raketasynyň birinji basgançagyny 400-nji gezek üstünlikli yzyna gondurmagy başardy diýip, Space.com habar berýär.

Bu üstünlikleriň esasy bölegi SpaceX-iň esasy «işçi aty» hasaplanýan Falcon 9 raketasyna degişlidir. Kompaniýa bu tizlendirijileri yzygiderli gaýtadan ulanýar. Hatda Falcon 9 raketasynyň birinji basgançaklarynyň biri rekord goýup, 25 gezek uçurylyp, yzyna gondurylypdy.
Käbir gonuşlar bosa Falcon Heavy raketasynyň basgançaklary arkaly amala aşyryldy. Falcon Heavy raketasynda Falcon 9 raketasynyň üç sany tizlendirijisi ýerleşýär.
Bu 400 üstünlikli gonduryşlara, SpaceX-iň Aý we Mars saparlary üçin işläp düzýän Starship kosmos gämisiniň gonuşlary degişli däldir.
Uzynlygy 123 metr bolan Starship kosmos gämisi, eýýäm 7 synag uçuşyny amala aşyrdy. Şeýle uçuşlaryň iň soňkusy 16-njy ýanwarda bolup geçdi. SpaceX-iň Super Heavy atly birinji basgançagy başlangyç meýdançasyna dolanyp gelip, Mechazilla diňiniň «penjelerine» tutunmagy başarypdy. Bu Super Heavy üçin ikinji üstünlikli gonuş bolup, ilkinjisi geçen ýylyň noýabr aýynda amala aşyrylypdy.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....