Google mobil gözleg netijelerinde saýtlaryň salgylaryny gysgaltdy

  • 25.01.2025 15:29
  • 1.6k+

Google mobil enjamlarda URL salgylarynyň görkezilşiniň üýtgediljekdigini habar berdi. Öň ulanyjylar «çörek owuntyklary» diýlip atlandyrylýan, web sahypasynyň salgysynyň gurluşyny domeniň yzyndan gelýän «>» nyşanlary arkaly görýärdiler. Emma indi mobil wersiýada diňe domen barada maglumat görkeziler diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Bu üýtgeşmeler bütin dünýäde diňe mobil enjamlar, ýagny smartfonlar we planşetler üçin güýje girýär. Emma kompýuterlerde web sahypalaryň salgylary öňküsi ýaly doly görkezilmäge dowam eder.
The Verge neşiriniň habar bermegine görä, Google bu nawigasiýa elementini aýyrmaga karar berdi, sebäbi «bu mobil enjamlarda maglumat gözleýän adamlar üçin gaty peýdasyz hasaplanýar. Şeýle-de, ekranlaryň kiçidigi sebäpli, öň hem salgylaryň köp bölegi kesilip galýardy».
Google bu täzeligiň mobil ulanyjylar üçin has amatlydygyny, şol sebäpden girizilýändigini öňe sürse-de, URL-niň gurluşyna esaslanyp web sahypalarynda gezmegi endik eden ulanyjylar üçin bu biraz kynçylyk döredip biler.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....