Saud Arabystany «The Line» taslamasynyň ilkinji bölüminiň nähili boljakdygyny görkezdi

  • 25.01.2025 10:33
  • 8.3k+

Saud Arabystanynyň NEOM atly territoriýalary ösdürmek agentligi Şweýsariýada geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynda «The Line» (Çyzyk) taslamasynyň gurluşygynyň ilkinji tapgyrynyň diňe bir çyzgylaryny däl-de, eýsem hakykatdanam nähili boljakdygy görkezdi.

«The Line» taslamasy Saud Arabystanynyň NEOM megapolisiniň bir bölegi hökmünde işlenip düzülen, ägirt uly we futuristik gurluşyk taslamalarynyň biridir. Taslama 170 kilometr uzynlykda, göni çyzyk görnüşinde gurlar we biri-birine garşy parallel hatarlar görnüşde ýerleşdirilen uly aýnalar bilen örtüler. Taslamanyň esasy maksady energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa we tehnologiýa taýdan öňdebaryjy şäheri döretmekdir.
Täze suratlar şäheriň içki giňişliginiň nähili guruljakdygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de suratlarda transport ulgamyny hem görmek bolýar.



24.11.2025 11:12
1.2k+

Türkmen senetçileri Er-Riýadda Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekilleri 2025-nji ýylyň 13-26-njy noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Saud Halkara senetçilik hepdeliginiň üçünji tapgyryna, ýagny «Banan» atly hepdelige gatnaşýarlar...

22.11.2025 10:52
3.3k+

Türkmen diplomat-talyplarynyň Saud Arabystanynda okuw sapary tamamlandy

16-20-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglary institutynda okuw saparynda boldular...

29.10.2025 11:17
7.9k+

Saud Arabystany “Guryýer köprüsi” atly ýokary tizlikli demir ýol taslamasyny işläp taýýarlaýar

Saud Arabystany 7 milliard dollarlyk ýokary tizlikli demir ýol taslamasyny işläp taýýarlady. Ol Gyzyl deňzi Pars aýlagy bilen birleşdirer we ýurduň iň iri şäherlerini birleşdirmegi, şeýle hem Arap ýarym adasynda ulag we söwdany döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär...

25.10.2025 07:36
4k+

Muhammetgeldi Aýazow Saud Arabystanyndaky ilçi hökmünde wezipesine girişdi

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abdul Majid bin Raşid Al Samarä özüniň ynanç hatlaryň nusgalaryny gowşurdy...