XR garniturasy, Qi2 goldawly aksessuarlar we inçejik S25 Edge – Galaxy Unpacked-iň netijesi

  • 24.01.2025 17:28
  • 2.6k+

Samsung kompaniýasy San-Hosede (Kaliforniýa ştaty, ABŞ) Galaxy Unpacked tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Täze Galaxy S25 smartfon hataryndan başga-da, kompaniýa ilkinji XR garniturasyny, Qi2 goldawly aksessuarlaryny anons etdi. Şeýle-de, hatarda iň inçe smartfon bolan Galaxy S25 Edge ýüzleý görkezildi.


Samsung Project Moohan: Android XR-de işleýän ilkinji XR garniturasy
Kompaniýa Project Moohan ady bilen özüniň ilkinji giňeldilen hakykat garniturasyny görkezdi. Ol Google-yň Android XR operasion ulgamynyň dolandyrmagynda işleýär. Ulanyjylar programmalary gözüniň öňündäki aýnada görüp, olary el hereketleri bilen dolandyryp biler.
Maglumatlara görä, garnitura ultra-ýokary durulygy, täzelenme ýygylygy bolan iki sany OLEDoS ekrany we gözüň hem eliň hereketini yzarlamak üçin kameralar bilen enjamlaşdyryldy. Gurluş Qualcomm Snapdragon XR2+ Gen 2 çibine esaslanýar. 16 GB operatiw ýat, Bluetooth 5.4 we Wi-Fi 7 goldawy bar.
Satuw ýylyň ahyryna çenli başlap biler, bahasy 2000 dollardan gowrak bolar.

 

Qi2 goldawly täze zarýad beriji gurluşlar
Samsung kompaniýasy Galaxy S25, Galaxy Watch, Galaxy Buds we Galaxy Ring üçin WWA-T420 atly 3-e-1 zarýad beriji gurluşyny anons etdi. Gurluş Qi2 magnit ulgamy arkaly 15 Wt çalt zarýad berşi goldaýar.
Şeýle-de, awtomobil üçin wentilýasiýa gözenegine birikdirilýän WWA-T430 zarýad berijisi hödürlendi. Ol şol bir zarýad beriş kuwwatyny üpjün edýär.


Galaxy S25 Ultra üçin S Pen stilusynyň funksiýasy azaldyldy
Samsung kompaniýasy Galaxy S25 Ultra üçin S Pen stilusyny täzeledi, ýöne ulanyjylar tarapyndan seýrek ulanylýandygy üçin Air action we uzak aralykdan surata düşürmegi dolandyrmak funksiýasyny aýyrdy. Air action funksiýasy smartfony stilus bilen hereketler arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýärdi. Şeýlelikde, bu çykdajylaryň azalmagyna getirdi. Muňa garamazdan, gurluşyň başlangyç bahasy öňküligine galdy – 1299,99 dollar.

 

Galaxy S25 Edge: hatarda iň inçe smartfon
Samsung çäräniň soňky sekuntlarynda Galaxy S25 Edge smartfonynyň görnüşini görkezdi. Smartfonyň ýogynlygy 6,4 mm bolup, bu ony hataryň iň inçe modeline öwürýär. Häzirlikçe bu gurluş barada başga maglumat ýok. Gürrüňlere görä, ol Snapdragon 8 Elite çibi bilen enjamlaşdyrylar we iki kamera eýe bolar.
Samsung smartfonyň ähli sebitde bir wagtda peýda bolmajakdygyny aýtdy. Anonsyň 2025-nji ýylyň maý aýynda MWC 2025 sergisinde bolmagyna garaşylýar.

One UI 7-niň durnukly wersiýasy
Tanyşdyryş çäresinden daşary Samsung-yň metbugat gullugy One UI 7 interfeýsiniň durnukly wersiýasyny çykarmaga taýýarlyk görülýändigni habar berdi. Ol şu ýylyň birinji çärýeginde peýda bolar. Häzir onuň beta-wersiýasy bar. Täze wersiýada esasy aýratynlyklaryň biri blokirleme ekranynda täze Now Bar paneli bolar. Ol aýdym-sazy, taýmeri we beýleki funksiýalary dolandyrmak üçin ulanylyp bilner.
Şeýle-de, programma üpjünçiligi täze Galaxy AI funksiýalaryny, gaýtadan işlenen çalt sazlamalary we täzelenen programma nyşanlaryny hödürlär.


23.03.2026 00:03
5.5k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.8k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.8k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...