“Seýrek, owadan, gorkunç hadysa”: Gün gara reňkli plazmany zyňdy

  • 24.01.2025 11:44
  • 8.3k+

Günde seýrek we täsin hadysa – gara reňkli maddalaryň zyňylmagy bolup geçdi. RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň alymlary adaty bolmadyk hadysanyň tebigatyny düşündirdi diýip, RBK habar berýär.

“Örän seýrek, owadan we hatda birneme gorkunç hadysa biziň ýyldyzymyzda [22-nji ýanwarda] bolup geçdi. Gara reňkli arwah ýaly gurluş görünýän diskiň göni merkezinde döredi, soňra bölekleýin kosmosa zyňyldy we bölekleýin Gün täjinde dargady” – diýip, barlaghanada bellenildi.

Hadysanyň gara reňki gysga tolkunly Gün radiasiýasyny doly diýen ýaly özüne siňdirmäge ukyply bolan bitarap wodorodyň bolmagy bilen düşündirilýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, zyňlan sowuk protuberanes köp mukdarda bitarap wodorody saklaýardy.
Hadysa üç sagat töweregi dowam etdi, şondan soň plazma dargady we ýitdi. Günüň, protuberanesiň we Ýeriň masştabyny deňeşdirmek üçin, alymlar hödürlenen wideoda Ýeri kiçijik gök nokat bilen bellediler.
Barlaghanada zyňyndynyň Ýere hiç hili howp salmaýandygy bellenildi.


21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

26.02.2026 16:54
5.5k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...

18.02.2026 09:22
4.5k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

12.02.2026 11:25
1.5k+

Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy

Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir...