Ýewropa kosmos agentligi Aý gözlegleriniň maglumatlaryny satyn almak üçin ilkinji şertnamany baglanyşdy

  • 23.01.2025 20:09
  • 5.2k+

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) Wengriýanyň Puli Space Technologies kompaniýasy bilen Aý baradaky maglumatlary satyn almak üçin ilkinji şertnamany baglanyşdy. Ylmy gözlegler Aýyň günorta polýusyndaky suw buzlaryna gönükdiriler.

Kompaniýa PLWS (Puli Lunar Water Snooper) spektrometriniň kömegi bilen maglumatlary ýygnar. Bu enjam Aýyň günorta polýar sebitindäki suw buzunyň ýataklaryny öwrenmek üçin niýetlenendir.
PLWS amerikan kompaniýasy Intuitive Machines tarapyndan işlenip taýýarlanan Micro Nova Hopper dronyna oturdylar. Dron Aýyň üstünden hereket edip, suw buzunyň bolup biljek kraterlerini we wodorodyň barlygyny öwrener. Intuitive Machines üçin ikinji boljak missiýany 2025-nji ýylyň fewral aýynda uçurmak meýilleşdirilýär.
ESA bu maglumatlary suw buzuny kisloroda, suwa we ýangyja öwürmek mümkinçiligini seljermek üçin ulanmagy meýilleşdirýär. ISRU hökmünde belli bolan bu tehnologiýa Aýda uzak missiýalara we kosmosy mundan beýläkki öwrenmek işlerine ýol açar.
Puli Space bilen şertnama uzak kosmosy özleşdirmek ugrunda döwlet we hususy guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini görkezýär. ESA maglumatlary köpçülikleýin ýaýratmazdan öň olary seljermek üçin ylmy topar döretmegi hem göz öňünde tutýar.


şu gün 00:18
518

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......