24-nji ýanwarda agşam Ýere magnit hadysasy aralaşar

  • 23.01.2025 16:08
  • 7.4k+

Günde köp mukdarda massanyň zyňylmagy bilen utgaşýan 3.4 derejeli alawlama bolup geçdi. Netijede, 24-nji ýanwarda Ýerde G2 derejeli magnit hadysalarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Gün-Ýer fizika institutynyň (IKI we ISZF RAN) web sahypasynda habar berildi.

21-nji ýanwarda Günde bolup geçen alawlama Gün massasynyň zyňylmagy bilen utgaşdy. Zyňylma Gün diskiniň merkezinde diýen ýaly, ýagny Ýere iň ýokary täsir ediş zolagynda ýüze çykdy.
IKI we ISZF RAN-nyň hünärmenleriniň berýän maglumatlaryna görä, alawdan başga-da, plazma buludyna madda goşýan köp bolmadyk mukdardaky protuberanes gazy hem zyňyldy. Tizligiň (takmynan, 500 km/s) pesdigi sebäpli, Gün maddasynyň Ýere anna güni agşam gelmegine garaşylýar.
Tupanyň agşam gelýändigi sebäpli polýar şapagynyň görünmek ähtimallygy ýokary. Magnit hadysasy boýunça çaklamalar ýakyn günlerde anyklanar.
Häzirki çaklamalara görä, 24-nji ýanwarda anna güni magnit tupanlarynyň ähtimallygy 41%, geomagnit bozulmalarynyň ähtimallygy 35%.
Magnit hadysalarynyň güýji bäş bally şkala bilen bahalandyrylýar. G1 derejeli tupanlar iň gowşak hasaplanýar. Tupanlaryň iň ýokary derejesi G5 bolup, elektrik energiýasy ulgamynda çynlakaý kynçylyklary, hemra we radio aragatnaşygynyň işleýşinde düýpli bökdençlikleri döredip biler.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

22.04.2026 14:35
8.2k+

Arkadag şäherinde Gün elektrik bekedi we Arkadag merkezi gurlar

Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik we......

16.04.2026 17:18
3.5k+

Britaniýalylara mugt elektrik energiýasy hödürlener

Şu tomusda Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylaryna elektrik energiýasyny has köp ulanmak üçin şert dörediler. Bu çäre mawy energiýa çeşmelerinden alynýan toguň aşa köpelmegi sebäpli energiýa ulgamyna düşýän agramy......