9 topar Çempionlar ligasyny terk etdi, “Mançester Siti” gaýtmakdan bir ädimde

  • 23.01.2025 16:03
  • 13k+

“Mançester Siti” Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 7-nji oýnunda “Pari Sen-Žermenden” utulandan soň, esasy Ýewropa ýaryşyndan çykmagyň bäriýanynda boldy. Şeýle-de, 12 topardan eýýäm pleý-offa çykmak mümkinçiligini möhletinden ir ýitiren 9-ysy kesgitlendi.

Ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligini Ispaniýanyň “Žirona”, Serbiýanyň “Srwena Zwezda”, Awstriýanyň “Red Bull Zalsburg” we “Şturm” klublary, şeýle-de Çehiýanyň “Sparta” we Italiýanyň “Bolonýa” klublary ýitirdi. Bu klublaryň ählisi ýedi oýunda üç ýa-da ondan az utuk gazandy. Şweýsariýanyň “Ýang Boýz”, Slowakiýanyň “Slowan” we Germaniýanyň “RB Leýpsig” klublary ilkinji alty oýunda utulyp, heniz dekabrda ýaryşdan gaýtdy.
Ýaryşyň esasy faworitleriniň biri hasaplanandygyna garamazdan, “Mançester Siti” hem ýaryşdan çykmaga golaýlady. 7-nji tapgyrda Hosep Gwardiolanyň topary 2:4 hasabynda “PSŽ-den” utuldy, bolmasa 53-nji minuta çenli iňlis kluby 2:0 hasabynda utup gelýärdi.
“ManSiti” ýedi oýunda bary-ýogy iki ýeňiş gazandy. Häzir klub 8 utuk bilen ýaryş jedwelinde 25-nji orny eýeleýär, bu kluba hatda pleý-off tapgyryna çykmaga-da mümkinçilik bermeýär. Topar häzirlikçe pleý-offa gönüden-göni çykmak mümkinçiligini ýitirmedi.
Bu tapgyra geçmek üçin klub soňky oýunda Belgiýanyň “Brýugge” toparyny utmaly we parallel duşuşyklaryň netijesini yzarlamaly. Oýun 29-njy ýanwarda Angliýanyň “Etihad” stadionynda geçiriler.
Belläp geçsek, häzir “Mançester Siti” APL-den Çempionlar ligasynyň pleý-offundan uzakda bolan ýeke-täk klubdyr.


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......