Hytaýda köne awtoulaglary täzelerine çalyşmak maksatnamasy işe girizildi

  • 23.01.2025 14:34
  • 7.4k+

Hytaýyň Söwda ministrligi köne awtoulaglaryň eýelerine täzesini satyn alanda arzanladyş almaga mümkinçilik berýän maksatnamany (Trade-in) işe girizdi. Bu barada Reuters gullugy habar berdi.

Bu çäre awtoulag satuwyny ýokarlandyrmaga kömek eden geçen ýylky başlangyjy ösdürmekdir.
Trade-in maksatnamasy diňe bir awtoulag satuwyny goldamak bilen çäklenmän, umuman, ykdysady ösüşi höweslendirmegi hem göz öňünde tutup döredildi.
Hytaýyň Döwlet statistika müdirliginiň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda hojalyk tehnikalarynyň, şeýle hem ses we wideo enjamlarynyň bölek satuwy agzalan maksatnamanyň çäklerinde 1,03 trillion ýuana (takmynan, 143,29 milliard dollar) ýetdi. Bu görkeziji ilkinji gezek 1 trillion ýuandan geçdi we geçen ýyl 12,3% ösüşi görkezdi.
Söwda ministrligi tutuş ýurt boýunça 37 milliondan gowrak sarp edijiniň köne zatlaryny tabşyryp, täze hojalyk harytlaryny satyn almak üçin subsidiýalardan peýdalanandygyny habar berdi.
Maksatnamany giňeltmek boýunça soňky tagallalarynyň çäklerinde hökümet subsidiýa çalşyp boljak öý enjamlarynyň kategoriýalarynyň sanyny 2024-nji ýylda 8 bolanlygyndan 2025-nji ýylda 12-ä çenli köpeltmek kararyna geldi. Trade-in-e  gatnaşýan önümleriň sanawyna mikrotolkunly peçler, suw arassalaýjy enjamlar, gap-gaç ýuwýan maşynlar we tüwi bişirijiler goşuldy.


düýn 08:16
2.4k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....