Redmi K80 Pro smartfony Poco F7 Ultra ady bilen dünýä bazaryna çykýar

  • 22.01.2025 23:03
  • 4.7k+

Hytaý üçin öndürilen üýtgeşik Redmi K80 Pro ýakyn wagtda täze at bilen dünýä bazaryna çykar. Ol Xiaomi Poco F7 Ultra adyny alar. Täze model esasy häsiýetnamasyny saklar, ýöne halkara ulanyjylary üçin ownuk üýtgeşmeler alar.

91mobiles Indonesia-nyň habar bermegine görä, Redmi K80 Pro-nyň programma üpjünçiliginde Poco F7 Ultra-nyň ady agzalýar we enjamyň 24122RKC7G model belgisi  bolsa SDPPI Postel sertifikat maglumatlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar.
Poco F7 Ultra-nyň esasy tehniki häsiýetnamasynda, deslapky maglumatlara görä, Qualcomm-yň Snapdragon 8 Elite prosessorynyň bardygy aýdylýar. Smartfon optiki stabilizasiýaly (OIS) 50 megapiksel esasy kamera, 32 megapiksel ultra giň burçly modul we 2,5x optiki zumly 50 megapiksellik telefotokamera bilen üpjün ediler.
Şeýle hem enjamda piksel dykyzlygy 520 ppi-den ýokary bolan 2K tekiz ekran we 120W çalt zarýad bermegi goldaýan 6000 mAs kremniý-uglerod batareýasy bolar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...