ABŞ taryhda iň iri emeli aň infrastruktura taslamasyna 500 mlrd dollar maýa goýdy

  • 22.01.2025 18:40
  • 10k+

21-nji ýanwarda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trump emeli aň ulgamynda iň täze infrastruktura taslamasy bolan Stargate-e 500 milliard dollar maýa goýuljakdygyny mälim etdi. Täze taslama OpenAI, Softbank we Oracle ýaly öňdebaryjy kompaniýalar gatnaşarlar, şeýle-de Stargate ABŞ-da 100 müňden gowrak iş ornunyň döredilmegine mümkinçilik berer diýip, Reuters neşiri habar berýär.

Tramp Stargate taslamasyny «taryhyň iň uly emeli aň infrastruktura taslamasy» diýip atlandyryp, ABŞ-nyň täze tehnologiýalar ugrunda bäsdeşlige duçar bolýandygyny nygtady.

«Munuň özi tehnologiýanyň geljegini üpjün eder. Biz etjek zadymyzy bu ýurduň içinde saklamak isleýäris: Hytaý – bäsdeş, beýlekiler – bäsdeş» diýip, Tramp aýtdy.

ABŞ-nyň täze prezidentiniň aýdyşyna görä, «köp adamy» iş bilen üpjün etjek maglumat işleýiş merkezleriniň we kampuslaryň gurluşygyna eýýäm başlandy. Oracle kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Larri Ellison täze maglumat işleýiş merkezleriniň Tehasda gurulýandygyny mälim etdi.

«Bu diňe biznes üçin däl, bu adamlaryň durmuşyna hem kömek eder. Emeli aň arkaly köp-köp meseleleriň çözülmegine kömek eder» diýip, SoftBank-yň baş müdiri Masaýeşi Son aýtdy.
«Muny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda amala aşyryp bilmegimizi men ajaýyplyk diýip hasaplaýaryn» diýip, OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman sözüni jemledi.

Şeýle hem Donald Tramp öňki prezident Jo Baýdeniň emeli aňy howpsuz ösdürmek baradaky permanyny ýatyrdy. Baýdeniň permany, milli howpsuzlyga, ykdysadyýete, jemgyýetçilik saglygyna howp abandyryp biljek emeli aň ulgamlaryny işläp düzüjileriň, howpsuzlyk barlaglarynyň netijelerini hökümet bilen paýlaşmagyny talap edýärdi. Bu perman, şeýle hem, şol barlaglar bilen bagly himiki, biologiki, radiologiki, ýadro we kiberhowpsuzlyk töwekgelçiliklerini aradan aýyrmak üçin standartlary kesgitlemegi ýörite edaralara tabşyrýardy. Respublikanlar partiýasy 2024-nji ýylda bu permany ýatyrmagy wada beripdi, sebäbi olaryň pikirine görä, perman emeli aň boýunça innowasiýalaryň döremegine päsgelçilik berýärdi.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3.5k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......