Oxfam: Iň baý 10 milliarder 99% baýlygyny ýitirse-de, milliarder bolup galar

  • 21.01.2025 23:55
  • 8.9k+

2024-nji ýylda dünýäde milliarderleriň baýlygy rekord 2 trln dollar artdy we bu 2023-nji ýylyň depgininden üç esse ýokarydyr. Bu barada Oxfam haýyr-sahawat guramasynyň hasabatyna salgylanyp, The Guardian gazeti habar berýär.

Ylmy gözlege görä, milliarderleriň sany 204 adam artyp, 2 769-a ýetdi. Bu her hepdede dört sany täze milliarderiň peýda bolmagyna deňdir.
Olaryň umumy baýlygy 12 aýda 13 trln dollardan 15 trln dollara ýetdi – bu gözegçiligiň tutuş taryhynda ikinji iň uly ýyllyk ösüş.
Dünýäniň iň baý on adamy her gün ortaça 100 mln dollar gazandy. Eger olar bir gijede baýlygynyň 99%-ini ýitirse-de, olar milliarder bolup galar diýip, Oxfam hasabatynda aýdylýar.
Milliarderleriň baýlygynyň artýan döwründe garyplygyň çäginde ýaşaýan adamlaryň sany 3,6 mlrd derejesinde galýar we bu dünýä ilatynyň 44%-ine deňdir. Bu görkeziji 1990-njy ýyldan bäri üýtgemedi diýen ýaly. Her onunjy zenan maşgala garyplygyň soňky derejesinde ýaşaýar diýip, gurama belleýär.
Oxfam-yň hasaplamalaryna görä, dünýäde milliarderleriň baýlygynyň 36%-i miras alyndy, 18%-i bellibir ugurda monopoliýanyň, ýene 6%-i – aragatnaşyklaryň netijesinde gazanyldy.
1820-nji ýylda dünýäniň iň baý adamlarynyň 10%-iniň girdejisi iň garyp adamlaryň 50%-iniň girdejisinden 18 esse köpdi. 2020-nji ýylda ol eýýäm 38 esse boldy we tapawut ýokarlanmagyny dowam etdirýär.

düýn 17:02
1.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
4.8k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.7k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......