FIDE abraýly Grand Swiss ýaryşynyň Samarkantda geçiriljekdigini mälim etdi

  • 21.01.2025 17:23
  • 2.3k+

Halkara küşt federasiýasy (FIDE) abraýly Grand Swiss 2025 ýaryşynyň geçiriljek ýerini kesgitledi. Bu ýaryş dalaşgärler ýaryşy üçin hukuk gazanmak ugrunda bäsleşjek iň gowy küştçüleri bir ýere ýygnar.

Erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýaryş 3 – 15-nji sentýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriler. 
Her ýaryşda ilkinji iki orny eýeleýän ýeňijiler 2026-njy ýyldaky dalaşgärler ýaryşyna gatnaşmak üçin ýollama alar.
Mundan başga-da, FIDE beýleki möhüm ýaryşlaryň senelerini yglan etdi. Zenanlaryň arasynda dünýä çempionaty 5 – 29-njy iýulda Batumide (Gruziýa) geçiriler. Rapid we blitz boýunça dünýä çempionaty 25-nji dekabrdan 31-nji dekabr aralygynda Dohada (Katar) geçiriler.  


24.03.2026 10:21
2.2k+

«She.Tri» Merkezi Aziýa zenanlarynyň triatlon bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilik

«Merkezi Aziýada zenanlaryň arasynda köpçülikleýin triatlon sportuny ösdürmäge gönükdirilen «She.Tri» platformasy işe girizildi. Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy 20-nji martda Gazagystanyň metbugat klubynda geçirildi» diýip, CMN...

18.03.2026 11:25
1.9k+

Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi...

27.01.2026 01:06
1.3k+

Aziýanyň ýetginjekler oýunlary 2029-njy ýylda Daşkentde geçiriler

Daşkent şäherinde Aziýa Olimpiýa geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş assambleýasy geçirilýär. Çäräniň birinji gününiň esasy çözgüdi Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň 2029-njy ýylyň Aziýanyň ýetginjekler oýunlarynyň paýtagty diýlip resmi taýdan tassyklanmagy boldy...

17.01.2026 14:21
13k+

Türkmen futbolçysy Wepa Jumaýew Özbegistanyň «Aral» klubuna geçdi

Türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew karýerasyny Özbegistanyň Pro-ligasynda dowam etdirer. Maglumatlara görä, milli ýygyndynyň futbolçysy Nukus şäheriniň «Aral» kluby bilen şertnama baglaşdy. 25 ýaşly goragçy soňky 5 möwsümini Belarus çempionatynda geçirdi...