“Garri Potter” filmleri boýunça aşpezlik şüweleňi ikinji möwsüme uzaldyldy

  • 21.01.2025 15:34
  • 6.1k+

Food Network telekanaly “Harry Potter: Wizards of Baking” aşpezlik şüweleňini ikinji möwsüme uzaltdy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.

Bu şüweleň ilkinji gezek noýabr aýynda görkezilip başlanandan soň, Warner Bros. Discovery kabel ulgamyna ýokary reýtingleri getirdi. Ol 24-54 ýaş aralygyndaky auditoriýanyň arasynda habarlar we sport bilen bagly bolmadyk şoularyň arasynda birinji orny eýeledi.
Warner Bros. Discovery-nyň maglumatlaryna görä, şüweleň ekranyň öňünde 16,4 milliondan gowrak tomaşaçyny ýygnady. Ony alypbaryjylar Garri Potter baradaky filmlerde Fred we Jorj Uizliniň rollaryny ýerine ýetiren Jeýms we Oliwer Felpsler boldy.
Şüweleň “Garri Potter” filmleriniň düşürilen Warner Bros. Studios Leavesden studiýasynda düşürildi. Şonuň üçin çörekçiler we konditerler hakyky surata düşüriş meýdançasyny görmäge mümkinçilik gazandy. Olar Hogwarts mekdebiniň Uly zalyna, 9¾ platformasyna, “Gringotts” jadygöýler bankyna we “Noru” öýüne baryp gördi.
Alty bölümli taslama ýörite myhmanlar hem gatnaşdy. Olaryň arasynda Uorwik Dewis (Griphook), Ewanna Linç (Luna) we Bonni Raýt (Jinni) bar.

şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......