Bob Dilanyň aýdymynyň üç sahypa garalamasy auksionda 508 müň dollara satyldy

  • 21.01.2025 14:58
  • 3.6k+

Amerikaly sazanda Bob Dilanyň Mr. Tambourine Man aýdymynyň garalamasy auksionda 508 müň dollara satyldy. Bu barada Julien’s Auctions öýüne salgylanyp, ABC News habar berýär.

Söwda Tennessi ştatynyň Neşwill şäherinde geçirildi. 28 x 22 ölçegli üç sahypada aýdymyň ýazuw maşynkasynda ýazylan teksti bar. Garalamalarda Dilanyň özi tarapyndan gök ruçkada girizilen düzedişler hem saklanýar. Meşhur aýdym sazanda tarapyndan 1965-nji ýylda döredildi.
Garalama 60 ýyldan gowrak wagt žurnalist El Aronowisiň arhiwinde saklandy. Ol 2005-nji ýylda aradan çykandan soň, kagyzlar onuň arhiwi bilen bilelikde çagalaryna miras galdy.
Şeýle-de, auksiona sazandanyň gitaralarynyň biri, hatlar, suratlar, şeýle-de Dilan tarapyndan 1968-nji ýylda çekilen surat çykaryldy.

şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......