Samsung telewizorlaryna emeli aň terjimeçisi goşular

  • 21.01.2025 13:44
  • 2.2k+

CES 2025 sergisinde Samsung kompaniýasy QD-OLED, Neo QLED, The Frame we The Frame Pro telewizorlarynyň täze hatarlaryny görkezip, “Samsung Vision AI” atly emeli aň esasly täze funksiýalar toplumy bilen tanyşdyrdy. Vision AI tomaşa edilýän film ýa-da serialdaky aktýorlar, ýerler, obýektler barada maglumat berer. Şeýle hem görmek üçin programmalary maslahat berer we tomaşa tejribesini has hem gowulandyrar diýip, SamMobile habar berýär.

Samsung Vision AI-y işläp düzmek üçin Microsoft (Copilot) we Google bilen hyzmatdaşlyk edendigini tassyklady. Şeýle-de Günorta Koreýanyň Maeil Kyungjae neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa OpenAI bilen hem işleşýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde, ulanyjylara öz gyzyklanmalaryna laýyk şahsy maslahatlar bermek, dürli soraglara jogap berýän we islendik tema boýunça söhbetdeşlik geçirmäge ukyply çat-botlary üpjün etmek, şeýle-de şol bir wagtda terjime funksiýasyny hödürlemek üçin GPT, DALL-E, Whisper we o1 ýaly ösen emeli aň tehnologiýalary ulanylar.
Meselem, Vision AI ulanyjynyň ozal gören filmlerine meňzeş triller žanryndaky filmleri maslahat berip biler, şeýle-de smartfon bolmazdan, filmiň mazmuny ýa-da aktýorlar baradaky soraglara jogap berip biler.

“Täze aýratynlyklar Samsung telewizorlarynda mazmuna tomaşa etmegi has gyzykly we amatly eder hem-de kompaniýanyň bazardaky öňdebaryjy ornuny has hem berkider” diýip, SamMobile ýazýar.


15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

15.06.2026 07:51
1.9k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

12.06.2026 23:56
2.5k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

10.06.2026 11:10
845

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......