Şwesiýada stol üstündäki tennis boýunça täze dünýä rekord goýuldy – 13 sagat arakesmesiz oýun

  • 21.01.2025 13:24
  • 3.5k+

Stol üstündäki tennis boýunça şwesiýaly oýunçylar Emil Olsson we Fredrik Nilsson täze dünýä rekordyny goýdular – olar arakesmesiz 13 sagat 37 minut 6 sekunt oýnap, Ginnesiň rekordlar kitabynda adyny ýazdyrdylar.

Tennisçiler öz toparlaryny “Spin Duo” diýip atlandyrýarlar. Oýnuň gidip duran wagty türgenler hemişe aýak üstünde durup, arakesmesiz söhbet edip, şol bir wagtda-da ünslerini oýna bermegi başardylar. Hatda olar oýun gidip durka ýeňil nahar hem iýdiler.
Emil we Fredrik, milli bolsun ýa dünýä bolsun täze rekord goýanlarynda, üstünliklerini uly şatlyk bilen belleýärdiler. Ahyrynda bolsa, olar britaniýaly oýunçylara degişli bolan ozalky dünýä rekordyny geçenlerinde, olara goltgy beren tomaşaçylaryň şowhunly sesleriniň astynda biri-birlerini gujakladylar.
Rekord goýlan duşuşyk 2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda Şwesiýanyň Malmö şäherindäki bir barda geçirildi. Çäräniň wideosy YouTube-da noýabr aýynda peýda bolsada, olaryň rekordy resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna ýakynda girizildi.


02.06.2026 17:37
5k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.5k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......