“Barselona” resmi YouTube kanalynda 20 mln adamy ýygnan ilkinji klub boldy

  • 21.01.2025 12:34
  • 4.4k+

Kataloniýanyň “Barselonasynyň” resmi YouTube kanalyna ýazylan adamlaryň sany 20 milliona ýetdi. Netijede, klub bu görkezijä ýeten dünýäde ilkinji klub boldy diýlip, blaugrananyň metbugat gullugy habar berýär.

Milli basketbol assosiasiýasynyň bu görkeziji boýunça katalon klubundan öňe geçýän ýeke-täk sport YouTube kanaly bar. Oňa ýazylanlaryň sany 22,5 mln adama ýetýär. “Barselonanyňky” – 20,1 mln. Klubuň kanaly platformada 2006-njy ýyldan bäri hereket edýär.
Madridiň “Realynyň” bu hostingde yzarlaýan 16,3 mln adamy bar. Madridiň “Atletikosynda” – 3,91 mln.
20 oýundan soň “Barselona” La Liganyň ýaryş jedwelinde 39 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy jedwelinde kataloniýalylar diňe “Liwerpuldan” yza galyp, ikinji orunda barýar – ýaryşyň 6 oýnunda 15 utuk gazandy.


düýn 23:43
4.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......