Amazon Atlantik ummanynyň düýbünden ilkinji internet kabelini çekmek üçin arza berdi

  • 20.01.2025 17:01
  • 6.4k+

Amazon kompaniýasy Atlantik ummanynyň düýbünden geçýän ilkinji transatlantik internet kabelini çekmek üçin arza berdi. Bu kabel Irlandiýanyň günorta kenary bilen ABŞ-nyň gündogar kenaryny birleşdirer.

Datacenter Dynamics-iň habaryna görä, Amazon kompaniýasynyň MCS Ireland Ltd. bölümçesi Irlandiýanyň Kork etrabynda geofiziki barlag işlerini geçirmek üçin ýerli düzgünleşdiriji gurama arza berdi. Taslamanyň çäginde kabeliň ugruny we Kaslfrik obasyndaky terminal stansiýasynyň ýerleşýän ýerini kesgitlemek göz öňünde tutulýar.
Arzada kabeliň Irlandiýada guryýer bilen birleşjek iki nokady görkezilen, emma geçirijilik ukyby we taslamanyň tamamlanjak senesi baradaky maglumatlar häzirlikçe mälim edilmeýär.
Amazon-yň eýýämden Havfrue (AEC-2) we Marea ýaly birnäçe halkara kabel ulgamlarynda paýnamalary bar, şeýle-de bolsa ol kabel infrastrukturasynyň sany boýunça Google we Meta kompaniýalaryndan yza galýar.
Bilermenleriň pikirine görä, täze ugur AWS maglumat merkezleriniň Irlandiýada has ygtybarly internet bilen üpjün edilmegine ýardam berer.
Häzirki wagtda kabelleriň köpüsi Dublinde birikýär, emma Kork etrabynda 2015-nji ýyldan bäri işleýän Exa Express ulgamy muňa degişli däldir.


düýn 07:35
534

Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär

Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin...

02.02.2026 12:33
3.7k+

Gymmatbahaly «Melaniýa» tankyda garamazdan bahasyny ödeýär

«Melaniýa» ABŞ-da görkezilip başlanan ilkinji günlerinde girdeji boýunça dokumental filmleriň arasynda rekord goýdy. Kino prokata çykan ilkinji güni 2,9 million dollar toplady. Dynç günleriniň netijeleri boýunça bolsa bu girdeji 7 million dollardan aşdy...

31.01.2026 17:10
5k+

ABŞ-da «Melaniýa» dokumental filmi çykdy: premýera Trampyň administrasiýasynyň wekilleri gatnaşdy

Donald Trampyň administrasiýasynyň ýokary wezipeli wekilleri penşenbe güni Waşingtondaky Kennedi merkezinde geçirilen «Melaniýa» dokumental filminiň premýerasyna gatnaşdy. Umumy býujeti 75 mln dollar bolan bu film Amazon MGM Studios tarapyndan maliýeleşdirildi...

19.01.2026 14:13
1.7k+

Amazon "Fallout" oýny boýunça realiti-şou çykarar: gatnaşyjylar "ummasyz pul baýragy" üçin bunkerde diri galmaga synanyşmaly

Amazon kompaniýasy adybir oýun esasynda Fallout Shelter realiti-şüweleňiniň başlanjakdygyny yglan etdi. Korporasiýa ýeňijä ýa-da ýeňijilere "uly möçberde pul baýragyny" wada berýär. Gatnaşyjylar ýerasty gaçybatalgada...