Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy koreý dilini we medeniýetini öwrediş maksatnamasyna arzalary kabul edýär

  • 20.01.2025 13:32
  • 5.1k+

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Koreýany öwreniş akademiýasynyň 2025-nji ýylda Koreý medeni okuwlaryna gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlandygyny yglan etdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Okuwlar koreý dilinde geçirilýär. Şonuň üçin olara gatnaşjaklar koreý diliniň esasyny bilmelidir. Gyzyklanýan taraplar Koreýany öwreniş akademiýasynyň saýtyna soragnama tabşyrmaly.
Arzalar 27-nji ýanwardan kabul edilip başlanýar. Saýlanyp alnan talyplar 2025-nji ýylyň 28-nji martynda elektron poçta arkaly hat alarlar.
Koreýany öwreniş akademiýasy ýaşaýyş, iýmitleniş we medeni ýerlere baryp görmek bilen baglanyşykly ähli çykdajylary öz üstüne alýar. Talyplar gidiş-geliş uçar peteklerine çykdajylary, (Inçhon halkara howa menzili bilen Koreýany öwreniş akademiýasynyň arasyndaky çykdajyny-da goşmak bilen) ýol harjyny we lukmançylyk ätiýaçlandyryşy tölemeli.
Gerekli resminamalar: arza, ýokary okuw mekdebinden şahadatnama, ýetişigi barada maglumat, arzanyň düzümine goşulan koreý dilini biliş derejesiniň bahalary (soragnamany saýtdan alyp, 7-nji maddasyny dolduryň), koreý dilini bilşi barada şahadatnama (bar bolsa).
Resminamalar koreý ýa-da iňlis dilinde doldurylmaly, bolmasa, asyl nusga bilen birlikde koreý ýa-da iňlis diline terjimesi-de tabşyrylmalydyr.
Bu maksatnama 1993-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär. Şu döwrüň içinde oňa 70 ýurtdan 1014 talyp gatnaşdy. Bu okuw bakalawr derejesini almak ugrunda okaýan daşary ýurtly talyplar üçin niýetlenendir. Maksatnama koreý medeniýeti bilen baglanyşykly okuwlary, koreý dili we koreý däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan sapaklary öz içine alýar.
Habarlaşmak üçin: Ýu Çži Hi, Halkara hyzmatdaşlyk merkezi, Daşary ýurtlarda Koreýany öwrenişi goldaw edarasy. 
Telefon: + 82-31-739-9715, 
Elektron salgysy: aksculture@aks.ac.kr

 


düýn 18:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

düýn 11:24
4.1k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.4k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......