Bitkoiniň bahasy 105 müň dollara bardy

  • 20.01.2025 02:08
  • 4.4k+

Bitkoiniň bahasy ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň ertir geçiriljek kasam kabul ediş dabarasynyň öňüsyrasynda möhüm 100 müň dollar derejesinden geçip 105 müň dollara ýetdi diýip, Investing.com habar berýär.

2025-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda kriptowalýutanyň bahasy 94 müň 566 dollardy, emma anna güni ol 105 müň dollardan geçip, ýylyň başyndan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Onuň ortaça bahasy 105 müň 841 dollar boldy, emma şenbe güni 104 müň 315 dollara çenli aşaklady.
Bu ösüşiň sebäbi, geljekki administrasiýanyň kriptowalýuta meseleleri boýunça has amatly syýasat alyp barmagyna garaşylýandygy bilen baglanyşyklydyr. Tramp saýlanandan soň, bitkoin dekabr aýynda rekord 108 müň 080 dollara çenli galdy.


09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

04.06.2026 14:18
8.3k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

30.05.2026 19:37
9.2k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

15.05.2026 14:43
11k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......