"OK Go" amerikan rok topary 64 sany iPhone ulanyp klip düşürdi

  • 20.01.2025 02:00
  • 6.8k+

Çikagoly (ABŞ) "OK Go" alternatiw rok topary “A Stone Only Rolls Downhill” atly aýdymyna täze klip çykardy. Klip 64 sany iPhone bilen düşürildi diýip, iGuides habar berýär.

Topar özüniň döredijilikli we adaty bolmadyk klipleri bilen giňden tanalýar. Aýdymçylar bu gezek klibiň aýratyn böleklerini Apple smartfonlarynyň 64 sanysy bilen ýazga geçirdiler we olary bitewi mozaika görnüşinde birleşdirdiler.
Klibiň iň gyzykly pursaty bir iPhone bilen düşürilen sahna bolup, ol ýerde 42 sany iPhone-yň bilelikde emele getiren şekili görkezilýär.
Klibi döretmek gaty kyn bolup, takyk meýilleşdirmäni talap etdi. Taslamanyň tamamlanmagy 8 gün, 1043 gaýtadan ýazgy we 31 adamyň işini talap etdi.
Klibiň nähili düşürilendigi barada giňişleýin wideo YouTube-daky Project Management Institute (PMI) kanalynda ýerleşdirilen.


22.06.2026 00:57
5.2k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

21.06.2026 21:09
1.2k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....