Netflix “Narniýanyň Ýazgylary” filmini ilkinji gezek öz platformasyndan öň kinoteatrlarda görkezer

  • 20.01.2025 01:20
  • 4.2k+

Greta Gerwigiň täze “Narniýanyň Ýazgylary” (Хроники Нарнии) filmi 2026-njy ýylyň noýabr aýynda prokata çykar. Täze film Netflix-de täze ýyldan öň neşir edilmez diýip, Variety neşiri habar berýär.

Habara görä režissýor Greta Gerwig Narniýanyň Ýazgylary kitaplary esasynda düşüren filmini ilki kinoteatrlarda görkezmek üçin Netflix-iň ýolbaşçylaryny razy etmegi başardy.
Film iki hepdeläp diňe IMAX kinoteatrlarynda görkeziler. Şeýle-de 90 ýurtda, jemi müňe golaý kinoteatry öz içine alýan prokata çykarylar. Tomaşaçylaryň islegi ýokary bolsa, görkeziliş wagty has hem uzaldylar.
Netflix üçin bu ýagdaý üýtgeşik täzelik bolup durýar. Sebäbi, kompaniýa adatça, filmlerini diňe öz platformasynda görkezýärdi. Diňe baýrak gazanmak mümkinçiligi bar bolan käbir filmler çäkli wagt bilen kinoteatrlarda görkezilýärdi. Mysal üçin, “Pyçaklar çekildi” (Достать ножи) filmi diňe bäş günläp, 700 kinoteatrda görkezilipdi.
Jemi ýedi kitapdan ybarat “Narniýanyň Ýazgylary” eserleriniň haýsysynyň filme öwrüljekdigi barada häzirlikçe maglumat ýok.


düýn 07:46
1.1k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.4k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....