Samsung Galaxy A26 5G Hindistanda BIS sertifikatlaşdyrmasyndan geçdi

  • 20.01.2025 01:07
  • 5.8k+

Samsung Galaxy A26 5G çykmaga taýýarlanýar. Muny onuň Hindistanyň BIS sertifikatlaşdyrmasynyň maglumat bazasynda peýda bolmagy tassyklaýar diýip, Gagadget habar berýär.

SM-A266B/DS model belgili gurluş iki SIM karty bilen işlär. Smartfon 2,6 GGs çenli takt ýygylygy bolan Exynos 1280 prosessoryna esaslanýar.
Syzmalara görä, Galaxy A26 5G yzky tarapynda üç kamera we FHD+ durulygy hem-de 120 GS täzelenme ýygylygy bilen 6,7 dýuýmlyk ekrana eýe bolar. Şeýle-de, telefonyň 8 GB operatiw we 256 GB içki ýada eýe bolmagyna garaşylýar. Akkumulýatoryň sygymy 4565 mA/sag bolar.
Täze smartfon Android 15 operasion ulgamynda işlär. Gurluşyň ölçegi 164 x 77,5 x 7,7 mm, onuň agramy bolsa – 209 gram.
Galaxy A26 5G barada has giňişleýin maglumatlar ýakyn wagtda belli bolar.


düýn 22:08
2.2k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....