Rolls-Royce hytaý rowaýatlaryndan ylham alan Phantom Dragon modelini döretdi

  • 20.01.2025 01:05
  • 6.2k+

Rolls-Royce kompaniýasy hytaýly müşderi üçin ýeke-täk nusgada döredilen eksklýuziw Phantom Dragon modelini hödürledi. Aždarhalar baradaky hytaý rowaýatlaryndan ylham alan awtomobil Phantom hatarynyň 100 ýyllygy mynasybetli Private Office Shanghai tarapyndan işlenip taýýarlandy.

Modeliň merkezi elementi 297 sany agaç böleginden ybarat mozaika bilen bezelen “Galereýa” aýna paneli boldy. Bu kompozisiýada düri goraýan iki aždarha şekillendirilen. Ony döretmek üçin ewkalipt, kerkaw we dagdan ulanyldy.
Interýer Ardent Red derisi bilen gara-gyzyl reňkde ýerine ýetirildi. Hytaý kalligrafiýasynyň stilinde ýerine ýetirilen awtoulag eýesiniň familiýasy bolsa awtomobile özboluşlylyk berýär. Starlight Headliner potology aždarhalaryň şekili we ýere gaçýan ýyldyzlar bilen bezeldi.
Awtomobil Iced Diamond Black reňki bilen boýaldy, bu hem oňa kaşaňlyk berip, aždarhalaryň nyşany bilen sazlaşdyrýar.
Tehniki aýratynlyklar Phantom üçin adaty bolup galýar: 571 at güýjüni berýän 6,75 litrlik V12 benzin turbo hereketlendirijisi. Hereket geçiriji guty – sekiz basgançakly “awtomat”. Herekete getiriji – yzky.  


20.04.2026 09:01
3k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...