Samsung Galaxy S25 Ultra-nyň ähli jikme-jiklikleri ilkinji tanyşdyrylyşyndan öň açyldy

  • 20.01.2025 12:26
  • 8.8k+

Resmi tanyşdyrylyşdan sanlyja gün öň, insaýderler täze flagman smartfony bolan Samsung Galaxy S25 Ultra barada jikme-jiklikleri aýan etdiler. Syzdyrmalar ekranyň häsiýetnamasyny, kameralary, öndürijiligini, şeýle hem AI funksiýalaryny we korpusynyň reňklerini öz içine alýar.

Arsene Lupin lakamly bir insaýderiň berýän maglumatlaryna görä, smartfon 3120 x 1440 piksel durulykda 6,9 dýuýmlyk Dynamic AMOLED 2X ekrany, WQHD +-y alar, täzeleniş tizligi 120 Hz we iň ýokary ýagtylygy 2600 cd / m2 bolar. Ekrany çydamly Gorilla Glass Armor çüýşesi bilen goralýar.
Öňki kamera 12 megapiksel, esasy kamera bolsa 200 megapiksel esasy datçik, 50 megapiksel ultra giň burçly burç, şeýle hem 5x we 3x optiki ýakynlaşdyrmak üçin degişlilikde 50 we 10 megapikselli iki teleobýektiw alar.
Snapdragon 8 Elite for Galaxy prosessory öndürijiligine jogap berer, esasy wersiýasynda 12 Gb RAM bolar we iň ýokary maglumat saklaýyş kuwwaty 1 TB-a ýeter.
5000mAh sygymly batareýa 45W zarýad bermegi goldaýar. Smartfon IP68 standartyna laýyklykda suwdan we tozandan goralar, titan çarçuwany, ekranyň aşagyndaky barmak yzy skanerini, Bluetooth 5.3-i, Wi-Fi 7-ni we eSIM-i alar.
Gutusyndan alyp One UI 7 gabykly Android 15 gurlar, öndüriji 7 ýyllyk täzelenmäni wada berýär.
Enjamyň ölçegleri 162,8 x 77,6 x 8,2 mm, agramy bolsa 218 gram bolar.
Android Headlines-iň ýazmagyna görä, onlaýn görnüşde AI bilen işleýän täze funksiýalary görkezýän wideo hem peýda boldy. Olar, esasanam, gijeki surata düşürişden (Nightography) we wideolardan gerekmejek sesleri aýyrmak (Audio Eraser) mümkinçiliginden ybarat. Ses kömekçisi hem kämilleşdiriler.
Insaýder Ewan Blas tarapyndan neşir edilen renderler Galaxy S25 Ultra-nyň dört reňkde boljakdygyny görkezýär. Olar: Titanium Black (“titan gara”), Titanium Gray (“titan çal”), Titanium Silver Blue (“titan kümüşsöw-gök”)we Titanium White Silver (“titan kümüşsöw-ak”).
Galaxy S25-iň esasy modeli dört görnüşde hem bolar: Silver Shadow (çal), Icy Blue (“buz gök”), Mint (“narpyz”) we Navy (goýy gök).
Täze önümleriň resmi taýdan bildiriş edilişi 22-nji ýanwarda Galaxy Unpacked çäresiniň çäginde bolar.


12.05.2026 14:43
7.7k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...