Hindistanda daýhanlar hasyly maýmynlardan goramagyň üýtgeşik usulyny tapdy

  • 19.01.2025 22:35
  • 14k+

Hindi daýhanlary öz hasyllaryny maýmynlaryň hüjüminden goramagyň üýtgeşik usulyny tapdylar – olar aýynyň eşigini geýip başlady diýip, New York Post ýazýar.

Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatyndaky daýhanlar maýmynlar sebäpli çynlakaý meselä duçar boldy – bu jandarlar olaryň ajyhurş, nohut, bugdaý we şeker çiňrigi ýaly ekinlerini ýok edýär.
Dhaurahra obasynyň ýaşaýjylary çözgüt gözläp, administratiw häkimiýete, polisiýa işgärlerine we tokaý hojalygynyň müdirine ýüz tutdy. Kömek bolmansoň, olar özbaşdak hereket etmek kararyna geldi: pul ýygnap, aýynyň eşigini satyn aldylar we indi ony maýmynlary gorkuzmak üçin ulanýarlar.
Daýhanlar gezekli-gezegine eşigi geýip, öz ekin meýdanlaryny gije-gündiz goraýar, bu gerek netijäni berermi ýa-da ýok, ony wagt görkezer.


07.05.2026 19:52
7.6k+

Dünýäniň iň gadymy döwletleri: olar haýsy ýurtlar we näçe ýaşynda?

Taryhçylaryň arasynda bu mesele boýunça häli-şindi dürli pikirleriň ýüze çykyp durýandygy dünýäniň iň gadymy döwletini kesgitlemekde bitewi bir garaýyşyň öňe sürülmegine ýol berenok. Şonuň üçin bu babatdaky......

10.04.2026 10:44
3.9k+

Hindistan kosmonawtlaryny Gimalaý daglarynda synagdan geçirýär

Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) Ladak sebitiniň belent daglyk ýerlerinde kosmonawtlaryň aşa agyr fiziki we psihologik şertlere uýgunlaşmagyny öwrenmäge gönükdirilen täze missiýasyna başlady....

09.04.2026 23:32
7.8k+

Rawi Warmanyň suraty Hindistanyň taryhynda iň gymmat eser boldy: ol $18 milliona satyn alyndy

XIX asyryň meşhur hindi suratkeşi Raja Rawi Warmanyň «Ýaşoda we Krişna» atly suraty Deli şäherinde geçirilen auksionda 1,67 milliard rupiýa (17,9 million ABŞ dollary) satyldy. Bu nyrh......

09.04.2026 15:50
6.9k+

Bolliwud emeli aňyň kömegi bilen köne filmlerini üýtgedip başlady

Reuters agentliginiň habar bermegine görä, Hindistanyň kino industriýasy filmleri dublýaj etmek we bar bolan kadrlary üýtgetmek üçin emeli aňy işjeň ulanyp başlady....