Kanadaly inženerler programmalary aýaklaryň bilen dolandyrmagy teklip etdi

  • 19.01.2025 23:06
  • 2.9k+

Kanadanyň Waterloo uniwersitetiniň inženerleri ykjam goşundylary ýöräp barýarkaň dolandyrmaga mümkinçilik berýän ulgamy döretdi – munuň üçin olar saklanmazdan birnäçe aýak hereketini ýerine ýetirmegi teklip edýär. Tehnologiýa, mysal üçin, telefon jaňlaryna jogap bermäge, aýdymy ýaňlandyrmaga, sesiň gatylygyny sazlamaga ýa-da kofe sargyt etmäge mümkinçilik berýär diýip, New Atlas ýazýar.

Ortaça uly adam günde 3500 – 7000 ädim ädýär. Şonuň üçin informatika professory Deniel Fogelde ykjam goşundylary aýaklaryň hereketi bilen dolandyrmak pikirini öňe sürdi.

“Men sowuk güni saklanmazdan we eliňi jübiňden çykarmazdan kofe sargyt edip bolarmy diýip pikirlendim” – diýip, ol aýdýar.

Ylmy gözlegçiler 22 sany dürli “ýöreýiş hereketini” öwrenip, ýöremäge päsgel bermeýän we jemgyýetçilik ýerlerinde “ýerlikli” bolan ýedi sanysyny saýlady. Synaglara 25 meýletinçi gatnaşdy. Olara garyşyk hakykat garniturasyny dolandyrmak üçin esasy hereketleri öwrenip, ýöreýiş wagtynda dürli amallary ýerine ýetirmek tabşyryldy: aýdymy aýtdyrmak, sesiň gatylygyny sazlamak, latte sargyt etmek, gelýän jaňlary kabul etmek ýa-da ret etmek.
Ulgam buýruklary 92% ýagdaýda dogry kabul etdi. Gatnaşyjylar tehnologiýanyň amatlydygyny belläp, ony gündelik durmuşda ulanmaga taýýardygyny aýtdy.
Işläp düzüjiler täze tehnologiýanyň ykjam gurluşlary ulanmagy aňsatlaşdyrjakdygyna we el bilen dolandyrmaga garaşlylygy azaltjakdygyna ynanýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....