Google-da gözlegleriň sany soňky 9 ýylda ilkinji gezek azaldy

  • 19.01.2025 22:30
  • 1.8k+

Statcounter portalynyň maglumatlaryna görä, soňky 9 ýylda ilkinji gezek dünýäde Google ulgamynda gözleg talaplarynyň sany azaldy.

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Google-yň umumy gözleglerde paýy 89,34%-e çenli azaldy, dekabr aýynda bolsa 89,73% boldy.
Mundan öň on ýyl bäri Google 90% görkezijiden geçip, bazarda öňdebaryjy orny saklaýardy.
Hünärmenler Google-yň ýitiren paýynyň Bing, Ýandeks we Yahoo ýaly sahypalaryň arasynda paýlanandygyny belleýär.
Geçen ýylyň dekabr aýynda ChatGPT Search ady bilen gözleg ulgamyny OpenAI kompaniýasy hem hödürläp başlady. Funksiýa çeşmelere salgylanmalar bilen çalt we aktual jogaplary almaga mümkinçilik berýär. ChatGPT Search-i web-brauzerde esasy gözleg ulgamy hökmünde gurnamak bolýar. OpenAI funksiýanyň ulanmakda aňsatlygy sebäpli giňden ýaýramagyna garaşýar – çat-bot dürli saýtlarda maglumatlary gözlemek zerurlygy bolmazdan taýýar maglumaty hödürleýär.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....