Lexus RC we RC F modellerini çykarmagy bes eder

  • 19.01.2025 22:00
  • 5.8k+

Ýaponiýanyň Lexus awtoulag öndürijisi RC we RC F sport kupelerini çykarmagy bes etjekdigini habar berdi. On ýyllyk satuwdan soň şeýle karara gelindi. Bu döwürde modelleriň dünýäniň 62 ýurdunda 90 müňden gowrak nusgasy satyldy diýip, Tarantas.news ýazýar.

Hoşlaşyk mynasybetli Lexus ýörite Final Edition wersiýalaryny çykarýar. Olardan iň güýçlüsi RC F Final Edition-niň bahasy ABŞ-nyň bazarynda 94 müň dollar bolar. Bu model 472 at güýjüni öndürýän 5.0 litrlik V8 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem adaptasiýa podweskasy, süýlüp ýasalan tigirleri we yzky böleginde dört porşenli supportaly we öň tarapynda alty porşenli supportaly güýçli Brembo tormozy bar.
RC F-iň soňky neşiriniň kuzowy dört reňkde bolar. Salony gara we gyzyl deri bilen bezelip, premium Mark Lewinson ses ulgamy we 10 dýuýmlyk duýgur ekrany bolar.
Awtoulaglaryň önümçiligi şu ýylyň noýabr aýynda tamamlanar.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....