ABŞ-da ýüzlerçe adam köçä dinozawrlaryň eşiginde çykyp, Ginnesiň kitabyna girdi

  • 19.01.2025 13:55
  • 8.3k+

Amerikanyň Florida ştatynyň Uest-Palm-Biç şäherinde ýüzlerçe adam täze dünýä rekordyny goýmak üçin dinozawrlaryň eşigini geýdi. Olaryň tagallalary üstünlik bilen tamamlandy we indi bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazyldy diýip, ýerli telekanal WPTV habar berýär.

Bolup geçýän waka Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi emini Tomas Bredford gözegçilik etdi.

“Göräýmäge, bu ýönekeý rekord, ýöne käwagt ýönekeý rekordlary täzelemek has kyn” – diýip, ol belledi.

Rekordyň düzgünlerine görä, gatnaşyjylaryň ählisi aždarha ýaly haýsydyr bir başga jandaryň däl-de, hut dinozawryň eşiklerinde bolmalydy. Mundan başga-da, sanap bolar ýaly olar öz obrazlarynda uzak wagtlap galmalydy.
Bu gezek ähli talaplar berjaý edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri dinozawrlaryň eşiklerinde 468 adamy hasaba aldy.
Aksiýanyň guramaçysy bolup Uest-Palm-Biçiň ylmy muzeýi çykyş etdi. Ol öz sosial ulgamlarynda rekordy goýmaga kömek edenleriň ählisine minnetdarlyk bildirdi: “Biz muny başardyk! Muny mümkin etmäge kömek edenleriň ählisine minnetdar. Aýratynam, Uest-Palm-Biç şäherine we biziň bilen taryhy ýazmaga gelen her biriňize! Biz muny siz bolmazdan başarmazdyk”.

 Dinozawrlary
 eşigindäki adamlaryň sany boýunça öňki rekord 2019-njy ýylda Los-Anjelesde goýlupdy, şonda aksiýany 252 adam goldady.


şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....