Nintendo resmi taýdan täze Switch 2 konsolyny anons etdi

  • 19.01.2025 11:53
  • 1.8k+

Nintendo täze Switch 2 konsolyny resmi taýdan anons etdi. Gurluşyň dizaýnyny görkezýän wideotizer kompaniýanyň resmi YouTube kanalynda ýerleşdirildi.

Konsol belli dizaýny saklap galdy, ýöne öňki modelden has uly boldy. Aýrylyp bilinýän Joy-Con kontrollerleri indi magnit arkaly berkidilýär. Switch 2 birinji nesil Switch üçin çykarylan oýunlaryň köpüsini goldar.
Gurluşyň aýratynlyklary we täze model üçin oýun hatary barada jime-jik maglumatlar tanyşdyrylyş dabarasynda belli bolar. Bu çäre 2-nji aprelde geçiriler.
Konsolyň satuwa çykjak takyk senesi hem yglan edilmedi, ýöne insaýderler reliziň 2025-nji ýylyň aprel ýa-da maý aýynda bolup biljekdigini habar berýär.
Ilkinji Nintendo Switch 2017-nji ýylda peýda boldy we stasionar (telewizora ýa-da monitora birikdirilýän) hem ykjam ulgamyň funksiýalaryny birleşdirýän dünýäde ilkinji konsol boldy. Switch 2 hem kämilleşdirilen funksiýalar bilen bu däbi dowam etdirse gerek.

şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......