Hünärmen: GTA VI-nyň bahasy 100 dollar bolar

  • 18.01.2025 14:53
  • 5.1k+

Analitik Mettýu Boll "Rockstar Games" kompaniýasynyň täze GTA VI oýnuna 100 dollar möçberinde baha kesip biljekdigini aýtdy. Bu beýleki wideo oýunlaryna hem täsir edip, olaryň bahalarynyň hem ýokarlanmagyna getirip biler diýip, KOTAKU portaly habar berýär.

Bolluň bellemegine görä, Rockstar Games, abraýyndan we giň gerimli diňleýjiler köpçüliginden peýdalanyp, has ýokary bahany kesgitläp biler.

“80-100 dollar aralygyndaky baha, beýleki oýun çykaryjylara Rockstar-yň mysalyna eýermäge ýol açjak signal bolar” diýip, hünärmen belleýär.

Ol uly göwrümli oýunlary döretmek üçin çykdajylaryň hem artýandygyny, emma olaryň alyjylar üçin bahasynyň köp ýyllaryň dowamynda üýtgemän galandygyny hem aýratyn nygtap geçdi.
Rockstar hakykatdanam rekord derejeli baha kesgitlärmi ýa-da kesgitlemezmi, häzirlikçe näbelli, ýöne bazarda ýokary kesgitlenen bahalaryň, alyjylary elden giderip biljekdigi baradaky aladalar dowam edýär.

şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......