“PSŽ” Kwarasheliýany toparyň täze oýunçysy hökmünde görkezdi

  • 18.01.2025 12:27
  • 6.7k+

“Pari Sen-Žermen” futbol kluby Hwiça Kwarasheliýany resmi taýdan toparyň täze oýunçysy hökmünde görkezdi. Klubuň resmi saýtyndaky beýana görä, 23 ýaşly gruziýaly winger bilen şertnama 2029-njy ýyla çenli hereket eder.

Kwarasheliýa bu kluba Italiýanyň “Napolisinden” geçdi, bu toparda ol 2022-nji ýyldan bäri oýnaýardy. KHBS-iň maglumatlaryna görä, transfer mukdary bonuslary hasaba almazdan 70 mln ýewro boldy. Häzirki wagtda oýunçynyň bazar bahasy 85 mln ýewro (Transfermakt-yň maglumatlary) diýlip hasaplanýar.
“PSŽ-niň” prezidenti Nassel Al-Helaifi oýunçy bilen şertnama baglaşylmagyna teswir berdi.

“Biz Hwiça Kwarasheliýany “Pari Sen-Žermen” maşgalasynda görmäge şat. Hwiça – ajaýyp zehini, batyrlygy we topar üçin göreşmek islegi bolan dünýä futbolynda iň güýçli oýunçylaryň biri. Hwiça beýik klubumyza goşulmaga doly taýýardy. Men onuň biziň bilen öz maksatlaryna ýetjekdigini bilýärin. Biz toparymyzy güýçlendirip, ony ýyldyz etmegi dowam etdirýändigimize begenýäris” – diýip, klubuň metbugat gullugy Al-Helaifiniň sözlerini getirýär.

Kwarasheliýanyň özi klubuň taslamasynyň ony özüne çekendigini belledi.

“Men klubuň näme gazanmak isleýändigini we oýunçylar bilen nähili işleşýändigini bilýärin. Bu ýerde köp beýik oýunçy oýnady, men Pariže gelmek mümkinçiligi peýda bolanda, üýtgeşik pikirlenip durmadym” – diýip, futbolçy aýtdy.

Häzirki möwsümde Kwarasheliýa “Napoli” üçin 19 oýna gatnaşyp, 5 gol geçirdi we 3 assist etdi.


06.06.2026 10:24
5.4k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

06.06.2026 08:15
4.1k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.5k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......