“PSŽ” Jordan brendinden täze “ganatly” eşik toplumyny görkezdi

  • 18.01.2025 12:15
  • 4.6k+

“Pari Sen-Žermen” futbol kluby Nike kompaniýasyna degişli bolan Jordan amerikan brendinden täze eşik toplumyny görkezdi. Bu klubuň 2024/2025 möwsümi üçin dördünji eşik toplumydyr.

Bu gezek dizaýnerler Jordan brendiniň nyşany bolan uçuş we ganat temasyna ünsi jemlediler.

“Bu köýnekçede görnüklilik we tehniki aýratynlyklar utgaşýar. Ol Jordan Wings logotipini gaýtalaýan ganat görnüşli nagyşlar bilen bezelip, “PSŽ” bilen Jordan Brand-iň birleşmegini alamatlandyrýar” – diýlip, klubuň resmi saýtyndaky beýanda aýdylýar.


Toplum türgenleşik maýkalaryny, sport kostýumlaryny, uzyn we gysga ýeňli köýnekçeleri öz içine alýar.

Belläp geçsek, 17 oýundan soň “PSŽ” Fransiýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär. Onuň hasabynda 43 utuk bar.


düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......