Kwarasheliýa “Napoli” bilen hoşlaşdy. Ol 70 million ýewro “PSŽ” geçýär

  • 18.01.2025 00:57
  • 4.2k+

Gruziýanyň futbolçysy Hwiça Kwarasheliýa Italiýanyň “Napoli” klubundan çykyp, Fransiýanyň “PSŽ-syna" geçýär. Onuň transfer bahasy 70 million ýewro geçirildi.

Kwarasheliýa gitmezden ozal, neapol klubunyň muşdaklary üçin sosial ulgamda “Napoli” stadionyna we Diego Maradonanyň ýadygärligine baryp görende düşürilen wideoroligini ýerleşdirdi.

“Bu meniň üçin kyn, ýöne hoşlaşmagyň wagty geldi. Siziň her biriňiziň arkaňyzdan men bu ýerde özümi gaty gowy duýdum. Hwiça wideoýazgyda: " “Napolä”, şähere, janköýerlerime we Diegonyň [Maradona] ýagty ýadygärligine sagbolsun aýdýaryn" -diýdi.

23 ýaşly wingeriň “PSŽ” bilen şertnamasy 2029-njy ýyla çenli dowam eder. Täze klubunda ol klubyň iň köp gol geçiren oýunçysy Mbappe Madridiň “Realyna" gideninden soň, boş galan 7-lik belgisini alar.
Kwarasheliýa “Napoli” toparynda 2022-nji ýylyň tomsundan bäri oýnady. Bu döwürde ol Italiýanyň çempiony boldy we A Seriýada möwsümiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Umuman alanyňda, Italiýanyň kluby üçin 107 oýun oýnady, şolarda 30 gol geçirip, 29 gezek netijeli pas berdi.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......