Türkmen ilçisi Sloweniýanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen duşuşdy

  • 17.01.2025 16:12
  • 4.5k+

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Sloweniýadaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) E.Aýdogdyýew Sloweniýanyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary, ýewropa işleri boýunça, syýasy meseleler, halkara hukugy we bähbitleriň goragy boýunça ygtyýarly wekili Marko Ştusin bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň RF-däki ilçihanasynyň habar bermegine görä, diplomatlar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
Hususan-da, abraýly halkara düzümleriniň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak meseleleri maslahatlaşyldy.
Ilçi E.Aýdogdyýew 2025-nji ýylyň dekabr aýynda ýokary derejeli halkara forumyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigi barada slowen tarapyny habarly etdi.


düýn 22:17
1.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......