Hytaý Aýda parlap biljek dünýäde ilkinji baýdagy taýýarlaýar

  • 17.01.2025 11:12
  • 4.5k+

Hytaýly alymlar Aýda atmosferanyň bütinleý ýok şertlerinde parlap biljek ilkinji baýdagy döretmäge girişdi. Täze taslama “Çane-7” missiýasyna taýýarlyk işleriniň bir bölegi boldy. Bu missiýa Ýeriň hemrasynyň günorta polýusynda suw buzuny gözlemegi maksat edinýär diýip, The Economic Times neşiri ýazýar.

“Biz Aýda wakuumyň bardygyny bilýäris, şonuň üçin baýdagy Ýerdäki ýaly parlatmak mümkin däl” – diýip, Uzak kosmosy öwrenmek barlaghanasynyň Ösen tehnologiýa institutynyň başlygynyň orunbasary Çžan Týançžu düşündirýär.

Alymyň aýtmagyna görä, baýdagyň parlamak meselesini çözmek üçin elektromagnit meýdany tehnologiýasy ulanylar. Ýagny, mata böleginiň üstünde ýapyk geçirijileri ýerleşdirip, olardan iki ugurly togy goýbermegiň netijesinde döreýän elektromagnit meýdany baýdagyň parlamagyna getirer.
“Çane-7-den” başga-da, Hytaý Halkara Aý gözleg stansiýasynyň taslamasynyň üstünde işjeň işleýär. Ony Aýyň günorta polýusynyň golaýynda gurmak isleýär. 2035-nji ýyla çenli toplumyň awtonom iş we adamyň gysga wagtlaýyn bolmagy üçin taýýar bolmagy meýilleşdirilýär.

“Biziň maksadymyz – 2035-nji ýyla çenli Aýyň üstünde we Aýa golaý orbitada durnukly we göwrümli ylmy-gözleg toplumyny döretmek” – diýip, Çžan belledi.


düýn 13:48
2.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......