“Tetris” we Doom oýunlaryny indi PDF-de oýnap bolýar

  • 17.01.2025 00:14
  • 3.5k+

Adatça PDF faýllary tekstleri we suratlary saklamak üçin ulanylýar, ýöne olaryň ulanylyş gerimi ýönekeý bir resminamadan has giň bolup çykdy. Programmistler JavaScript goldawynyň kömegi bilen gönüden-göni PDF-de açylýan oýunlary döretdiler diýip, Tom’s Hardware habar berýär.

Howpsuzlyk boýunça analitik Tomas Rinsma adaty “Tetris” oýnuny PDF görnüşine salyp bildi. Ol oýnuň öz döreden wersiýasyny Pdftris diýip atlandyrdy. Ony gönüden-göni brauzerde oýnamak bolýar.
Rinsma brauzerlerde PDF gurallarynyň (PDFium we PDF.js) girizmek-çykarmak (I/O) mümkinçiligi bilen JavaScript-i goldaýandygyny, munuň hem şeýle ýönekeý oýny döretmäge mümkinçilik berendigini düşündirdi.
Rinsma “Tetrisi” iki guralda-da dogry işletmegiň kyn düşendigini aýtdy. Ol pikselleri döretmek üçin meýdanlary görkezmek we gizlemek usulyny ulandy we tekst meýdany arkaly klawiaturadan dolandyrmak mümkinçiligini goşdy.
Oýnuň kody “birneme tagaşyksyz” boldy, ýöne ol PDF skriptleriniň näderejede güýçli we çeýe bolup biljekdigini görkezýär. Pdftris-iň koduny görmek üçin PDF faýly ýükläp (bary-ýogy 60 KB), ony tekst redaktorynda açmak ýeterlik. Şeýle-de, GitHub-da teswirler bilen has düşnükli kod bar.
Ading2210 lakamly başga bir işläp düzüji DoomPDF-i döretdi, bu Doom oýnunyň brauzerde PDF arkaly işleýän wersiýasydyr. Bu oýun PDFium-y ulanýar we diňe Chromium brauzerlerinde işleýär. Şekil döretmek üçin ol tekst meýdanlaryny ulanyp, olary ASCII nyşanlary bilen doldurýar, bu hem 6 reňkli monohromy almaga mümkinçilik berýär.
Şekil täzelenmesi haýal (kadr üçin 80 millisekunt) bolup geçýär, ýöne oýun üçin bu ýeterlik. Şeýle-de, DoomPDF-de tekst konsoly bar. Oýnuň kody C-de ýazyldy we GitHub-da elýeterli.

şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......