ChatGPT meýilleşdiriş we ýatlatmalar üçin Tasks funksiýasyna eýe boldy

  • 16.01.2025 20:28
  • 2.4k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT üçin “Tasks” (“Ýumuşlar”) ady bilen täze funksiýany hödürledi. Ol eýýäm beta-wersiýada elýeterli bolup, ýatlatmalary döretmäge we meýilleşdirilen hereketleri dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Hyzmat Google Assistent ýa-da Siri kömekçileriniň mümkinçilikleri bilen meňzeş funksiýalary isleýän ulanyjylara gönükdirilendir diýip, 3DNews belleýär.
Funksiýa ýumuş tabşyrmaga mümkinçilik berip, nämäni we haçan etmelidigini anyklaşdyrýar. Mysal üçin, her gün howa çaklamasynyň iberilmegini, möhüm seneleriň ýatladylmagyny ýa-da çagalar üçin ertekileriň taýýarlanmagyny sazlap bolar. Tasks-y işjeňleşdirmek üçin, ulanyjylar “4o with scheduled tasks” modelini saýlap, zerur parametleri kesgitlemeli.
Ýumuşlary hem çatda, hem täze Tasks bölümçesinde dolandyryp bolýar. Ulanyjylar ähli gurluşlarda habarnama alar. Bir wagtyň özünde 10-a golaý ýumşy meýilleşdirmek bolýar.
Tasks funksiýasy Plus, Team we Pro nyrhnamalaryny ulanyjylar üçin elýeterlidir. OpenAI häzirlikçe bu funksiýanyň mugt ulanylyş üçin elýeterli boljakdygyny ýa-da ýokdugyny anyklaşdyrmaýar. Ähtimal, ol aýda $20 - $200 bahaly premium meýilnamalarynyň bir bölegi bolup galar.


03.06.2026 15:15
3.2k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......